Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň maslahaty geçiriler

18:0521.10.2015
0
5163

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji oktýabrdaky mejlisinde ýurduň Prezidentine berlen hasabatda-da aýdylşy ýaly, häzirki günlerde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň maslahatyna taýýarlyk görülýär.  

Geçen döwrüň içinde Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi, onuň binýadynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015—2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015—2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy”  tassyklanyldy.

Bu resminamalar ýaşlaryň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna doly gatnaşmagy, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryna we sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy kemala getirmek, watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin oňyn şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýaşlar guramasynyň maslahatynda geçirilýän işleriň netijelerine we geljekde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän çärelere  garamak göz öňünde tutulýar.

Milletiň Lideri Ýaşlar guramasynyň  maslahatynda şu möhüm meseleleriň diňe bir ara alnyp maslahatlaşylmak bilen çäklenilmän, eýsem, bu ulgamlarda öňde goýlan wezipeleri çözmegiň netijeli gurallaryny işläp düzmegiň meselelerine düýpli we hemmetaraplaýyn garaljakdygyna ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň