Soňky habarlar

Archive news

Serdarabat etrabynda gaz turbinaly elektrik stansiýasy gurlar

18:0321.10.2015
0
742

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013—2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny”  ýerine ýetirmek maksady bilen,  degişli Karara gol gekdi. Resminama laýyklykda, Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda  Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo”  döwlet elektroenergetika korporasiýasyna degişli kuwwatlylygy 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasy gutlar. Onuň  taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak üçin korporasiýa Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporation”  kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň