Soňky habarlar

Arhiw

Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk söwdalary guralar

17:0521.10.2015
0
1330

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Aşgabatda we ýurduň welaýatlarynda baýramçylyk söwdasy guralar.  

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bazarlarda, ýurdumyzyň döwlet söwda kärhanalarynyň ählisinde degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şol günler olar elýeterli bahalardan alyjylara harytlaryň köp görnüşini hödürlär.

Garaşsyzlyk güni mynasybetli 22-nji oktýabrdan başlap, ýurdumyz boýunça 566  sany, şol sanda Aşgabat şäherinde 66 sany, Ahal welaýatynda 94 sany, Balkan welaýatynda 60 sany, Daşoguz welaýatynda 110 sany, Lebap welaýatynda 116 sany, Mary welaýatynda 120 sany göçme-söwda nokatlarynyň gurnalmagy meýilleşdirilýär. Bazarynda azyk bolçulygyny üpjün etmek,  bahalaryň durnuklylygyna, harytlaryň hiline gözegçilik etmek hem-de  arassaçylygyň berjaý edilmegi  boýunça çäreler görülýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji oktýabrdaky mejlisinde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň