Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy uly dabaralara beslener

16:0621.10.2015
0
22347

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji oktýabrdaky mejlisinde milletiň Lideri ýurduň garaşsyzlygynyň Garaşsyzlygynyň  24 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda we welaýatlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaralar bilen tanyşdyyrldy. 26-njy oktýabrda Aşgabadyň Mejlisler merkezinde  döwlet konserti bolar, onuň maksatnamasyna belli türkmen aýdymçylarynyň, folklor we tans toparlarynyň çykyşlary girizildi. Şol gün  köpugurly “Aşgabat” sport toplumynda şowhunly baýramçylyk çäresi geçiriler.

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy hem-de döwlet münberiniň öňünde baýramçylyk ýörişi guralar, paýtagtymyzyň “Ylham” seýilgähinde we “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada konsertler guralar, şeýle hem bu ýerde şanly sene mynasybetli  feýerwerk şowhuny bolar. 28-nji oktýabrda baýramçylyk dabaralary Halkara atçylyk sport toplumynda dowam eder, bu ýerde şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň sergisi guralar, konsert we at çapyşyklary geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň