Soňky habarlar

Arhiw

Hindi tansçylary Marynyň teatrynyň sahnasynda çykyş etdiler

10:1321.10.2015
0
3079

20-nji oktýabrda Maryda, Kemine adyndaky Türkmen döwlet drama teatrynyň sahnasynda hindi tans sungatynyň ussatlarynyň konserti boldy. Bu çykyşlar Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapynda guraldy.

Bangalor ştatyndan bolan “Natya Stam Dance Kampni” tans topary häzirki zaman äheňlerinde işlenen hindi tanslaryny tomaşaçylara hödürledi. Tansy nusgawy usulda beýan etmek äheňinde taýýarlanan horeografiki kompozisiýalar, akrobatiki oýun tärleri tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Hindi tans toparynyň şeýle konserti geçen şenbe güni Aşgabatda, “Türkmenistan” kinokonsert zalynda hem geçirilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň