Türkmenistanyň Prezidenti «Statistikanyň gazananlary jemgyýetiň hyzmatynda» atly ylmy-amaly maslahatyň açylmagy bilen gatnaşyjylary gutlady

00:2520.10.2015
0
3894

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly statistika ulgamynyň işgärleri!

Sizi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä statistika gününe bagyşlanyp geçirilýän «Statistikanyň gazananlary jemgyýetiň hyzmatynda» atly ylmy-amaly maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara ähmiýetli çäräniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 24 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilmeginiň eziz Diýarymyzda dünýä ýurtlarynyň dostlaşmagyna we mäkäm jebisleşmegine itergi berjekdigine berk ynanýaryn.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan ähli ugurlar boýunça dünýäniň çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryna ynamly goşuldy. Milli ykdysadyýeti ýokary depginlerde ösdürmek, saglygy goraýyş, medeniýet, bilim, ylym, sport ulgamlaryny halkara derejelerine ýetirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, daşky gurşawy goramak we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly birnäçe başlangyçlarymyz dünýäniň köp ýurtlarynyň we abraýly halkara guramalarynyň ünsüni özüne çekýär.

Bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykdysadyýetde gazanan üstünlikleri, ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda aýgytlaýjy ähmiýeti, Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiliginde eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilýär.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň döwlet statistikasy milli ulgam hökmünde uly ösüş ýoluny geçdi. Bu gün döwlet statistikasynyň taýýarlaýan maglumatlary, makroykdysady ösüşiň görkezijilerini halkara derejesinde deňeşdirmek mümkinçiligini üpjün etmek bilen bir hatarda, döwlet dolandyryşynyň netijeli bolmagyny, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalarymyzyň, ilkinji nobatda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012—2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmegine seljerme bermekde ygtybarly maglumat binýadynyň bolmagyny üpjün edýär.

2015-nji ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde kabul edilen Durnukly ösüşiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatlarynyň ýurdumyz boýunça ýerine ýetirilişine baha bermekde statistika gullugyna möhüm orun degişlidir. Türkmenistan bu maksatlary amala aşyrmak babatda giň möçberli işleri indi ençeme ýyl bäri alyp barýar. Biziň adam hakyndaky alada ýugrulan durnukly ösüş syýasatymyz diňe bir öz ýurdumyzyň ilaty üçin däl-de, eýsem, bütin adamzat üçin ähmiýetli işleri özünde jemleýär.

Gadyrly adamlar!

Biz gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň ugurlaryny kesgitleýän maksatnamalaryň onlarçasyny kabul etdik. Häzirki döwürde bu maksatnamalar giň gerim bilen durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetimiz ýokary depginler bilen ösýär. Ýurdumyzda gurulýan önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň sany has-da artýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň statistika ulgamyny ösdürmegiň maksady şu üstünlikleri özünde jemleýän, halkara standartlaryna we milli ykdysadyýeti dolandyrmagyň talaplaryna laýyk gelýän statistiki maglumatlary öz wagtynda we doly möçberde ýygnamakdan ybaratdyr. Bu abraýly wezipäni ýerine ýetirmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňizde üstünlikler hemra bolsun!

Hormatly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar!

Sizi Bütindünýä statistika gününe bagyşlanyp geçirilýän «Statistikanyň gazananlary jemgyýetiň hyzmatynda» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriňizde size mydama rowaçlyklary arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň