Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Hytaýyň şäherlerinde konsullyk bölümlerini we söwda wekilhanalaryny açmagy göz öňünde tutýar

17:4919.10.2015
0
3649

Pekinde, Hytaý halk uniwersitetinde Türkmenistanyň HHR-däki ilçisiniň hormatyna çäre geçirildi. Munuň özi Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen döwletleriň ilçilerine bagyşlanan çäreleriň biridir.

“Türkmenistan düýn, şu gün, ertir” mowzugynda eden çykyşynda Türkmenistanyň HHR-däki ilçisi Çynar Rüstemowa işewürler we syýahatçylyk üçin ýokary amatlyklary döretmek maksady bilen, Türkmenistan Hytaýyň Şanhaý, Guançžou we Urumçy şäherlerinde konsullyk bölümlerini, şeýle hem Şanhaýda we Urumçyda söwda wekilhanalaryny açmagy göz öňünde tutýandygyny atdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň