Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynyň işgärlerini sylaglady

11:5419.10.2015
0
2976

Türkmenistanyň Prezidenti ösüp gelýän ýaş nesillerimize döwrebap bilim bermäge hem-de ýaşlarymyzy ata Watanymyza çäksiz söýgi, wepalylyk ruhunda terbiýelemäge goşan uly şahsy goşantlaryny hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramy mynasybetli bilim ulgamynyň şu işgärlerini Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.

Permana laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň birnäçesi “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni we “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglandy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet, sungat, ylym we bilim ulgamlarynyň aýratyn tapawutlanan işgärlerini “Nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy” atly ýubileý nyşany bilen sylaglamak hakynda Karar kabul etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň