Soňky habarlar

Arhiw

«Ýylyň maşgalasy» atly bäsleşiginiň Tejen şäher tapgyry geçirildi

11:4919.10.2015
0
1259

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden «Ýylyň maşgalasy» atly bäsleşiginiň Tejen şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň şertine görä, iki ugur—«Hünär dowamaty—biziň maşgalamyzyň buýsanjy» we «Maşgala adaty—biziň milli binýadymyz» atly ugurlar boýunça geçirilen bu çärä Tejen şäheriniň çäginde ýaşaýan maşgalalaryň birnäçesi gatnaşdy.

Bäsleşik diýseň çekeleşikli hem-de täsirli geçdi, Tejen şäher Zenanlar guramasy tarapyndan düzülen emin agzalary ugurlar boýunça şäheriň 9-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi Gülşirin Muhammedowanyň, şäher medeniýet bölüminiň Merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Ogultäç Nurberdiýewanyň maşgala agzalaryny bäsleşigiň ýeňijileri diýip yglan etdiler. Bu günki bäsleşigiň ýeňijileri onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň