«TCL» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysy telewizorlaryň täze modelleriniň, şol sanda mini-LED we QLED telewizorlarynyň, şeýle-de beýleki hojalyk tehnikalarynyň täze tapgyrynyň gelip gowşandygyny habar berýär.
Hytaýyň «TCL» kompaniýasy — dünýäde telewizor öndürýän iň meşhur brendleriň biri. Kompaniýanyň 32-den 98 dýuýma çenli ölçegli LED we QLED ekranly 4K telewizorlarynyň dürli hili modelleri bar. Bu telewizorlaryň täze görnüşlerinden Türkmenistanda — TCL 55P745, TCL 55C745, TCL 55C845, TCL 65P745, TCL 65C745, TCL 65C845, TCL 75X925, TCL 85P735, TCL 98C745 we beýleki modelleri hödürlenýär.
Surat: 4pda.to
Mundan başga-da, «TCL-iň» paýlaýjysy gyzyklanma bildirýän lomaý we bölekleýin alyjylara beýleki hojalyk tehnikalarynyň assortimenti — sergin howa akymly funksiýaly «FreshIN» kondisionerleri, ikileýin EKO-inwertorly sowadyjylary we kir ýuwujy maşynlary bilen tanyşmagy teklip edýär. «TCL-iň» ähli hojalyk tehnikalary ýokarlandyrylan tehniki häsiýetlere, az energiýa sarp edijilige hem-de amatly baha-hil gatnaşygyna eýedir.
«Biz Türkmenistanda täze «TCL» önümlerini ýetirýändigimize örän şat. Tehnologiýalaryň kömegi bilen mümkinçilikleri giňeltmegi we alyjylaryň hojalyk zerurlyklarynyň bir bölegi bolmaga, olary öý şertlerinde özboluşly durmuş stilinden lezzet almagyny üpjün etmäge ymtylýarys. Täze önümlerimiziň ýokary hili türkmen alyjylarynyň göwnünden turar diýiň umyt edýäris» — diýip, kompaniýanyň hünärmeni belleýär.
«TCL» brendiniň ähli telewizor modellerine hem-de beýleki tehnikalaryna kompaniýanyň Türkmenistandaky paýlaýjysy 1 ýyllyk kepillik hem-de 2 ýyllyk hyzmat ediş işlerini üpjün edýär.
Kompaniýanyň telewizorlarynyň täze tapgyry, şeýle-de beýleki tehnikalaryň modelleri bilen tanyşmak üçin şu salga ýüz tutmak bolýar: Aşgabat ş., Bamako köçesi, «Älemgoşar» bazary («100 çüwdürim»), 99-njy dükan.
Goşmaça maglumat almak üçin telefon belgileri: (+993 65) 89 21 84, (+993 65) 81 20 20.