Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkezinde halk geýimleriniň däplerine we milli bezegleriň medeniýetine bagyşlanan maslahat geçirildi

23:4718.10.2015
0
13216

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkezinde halk geýimleriniň däplerine we milli bezegleriň medeniýetine bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa gatnaşyjylar — Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri, folklor-etnografiki tans toparlarynyň ýolbaşçylary, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we muzeýleriň işgärleri asyrlaryň dowamynda türkmen zergärleriniň ýasan şaý-sepleri ýaly zenan bezegleriniň başga hiç bir halkda ýokdygyny belläp geçdiler. Gelniň toý şaý-sepleriniň doly agramy 36 kilograma barabardyr. Gelin ýörände, kümüş düwmeler özboluşly owaz edýär. Halk ynanjyna görä, ol al-arwahlary kowýar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Döwlet muzeýi tarapyndan guralan maslahatyň usuly bölümi tamamlanansoň, muzeýiň etnografiýa bölüminde “tegelek stol” geçirildi. Ol ýerde maslahata gatnaşyjylar ajaýyp eksponatlar bilen tanyşdylar. Muzeýiň işgärleri eksponatlaryň her birine doly häsiýetnama bermek bilen, olar bilen baglanyşykly rowaýatlaryň, yrym-ynançlaryň üstünde hem aýratyn durup geçdiler.

Maslahata gatnaşyjylar muzeý hünärmenleri bilen bolan gürrüňdeşliklerden özleri üçin gymmatly hem gyzykly maglumatlary aldylar. Munuň özi olaryň milli şaý-sepleri baradaky düşünjeleriniň üstüni ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň