Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetde öňdäki orny eýeleýär

12:2717.10.2015
0
8409

Bar bolan ägirt uly çig mal serişdeleri, senagat we ylmy mümkinçilikleri arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetde öňdäki orny eýeleýär. Pudakda ylmy-tehniki ösüşiň iň täze gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, häzirki zaman tehnikalarynyň ulanylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Şu günler täze uglewodorod ýataklaryny senagat taýdan çalt depginlerde özleşdirmek, döwrebap gazhimiýa önümçiliklerini we nebitgaz toplumynyň köpugurly esasda ösdürmek, nebit önümleriniň örän köp görnüşleriniň önümçilik mukdaryny artdyrmak barada uly işler alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň