Soňky habarlar

Arhiw

Esenguly etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy

22:2504.09.2023
0
25712

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda degişli resminamalara gol çekip, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Esenow Annaguly Bozoglanowiçi Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy we bu wezipä Serdar Töräýewiç Hojaýewi belläp, ony welaýatyň Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň