Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen şäheri Daşoguz 2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty hökmünde saýlanylyp alyndy

21:1316.10.2015
0
7595

Arkalaşygyň döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Astanada geçirilen maslahatynyň mejlisinde türkmen şäheri Daşoguz 2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty hökmünde saýlanylyp alyndy.

“Türkmen tarapynyň tertibine laýyklykda, Daşogzy 2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan etmek bilen, “Arkalaşygyň medeni paýtagtlary” hökümetara maksatnamasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmek bellenilýär” diýip, GDA-nyň ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew habar berdi.

Ol “Arkalaşygyň medeni paýtagtlary” maksatnamasynynyň GDA-nyň döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we Arkalaşygyň ýurtlarynyň ykdysady hem syýasy hyzmatdaşlyk etmegi üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendigini belledi.

Russiýanyň Waronež şäheri 2015-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty bolup durýar. 2014-nji ýylda bolsa bu ady Almaty şäheri göteripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň