Soňky habarlar

Arhiw

Gökdepe etrabynyň babadaýhanlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramyna döwlet tabşyryklaryndan daşgary 1100 tonna “ak altyn” tabşyrmagy maksat edinýärler

11:5715.10.2015
0
8178

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň pagtaçylary Watan harmanyna 7 müň 409 tonna “ak altyn” tabşyryp, döwlet tabşyrygyny artygy bilen ýerine ýetirdiler.

25-nji sentýabrda “Ýandaklyagyz” daýhan birleşiginiň pagtaçylary etrapda ilkinji bolup döwlet tabşyrygyna hötde geldiler. Olar Watan harmanyna 262 tonna pagta tabşyrdylar. Häzirki günde bu daýhan birleşiginiň pagtaçylarynyň tabşyran hasyly 366 tonna barabar bolup, munuň özi döwlet tabşyrygynyň 140 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar. onuň yzysüre, 7-nji oktýabrda etrabyň “Gökdepe” daýhan birleşiginiň pagtaçylary hem döwlet tabşyrygyny ýerine ýetirdiler. Olar kabul ediş nokadyna elten pagta hasyly 960 tonna barabar boldy. Häzirki günde hojalygyň babadaýhanlary kabul ediş nokadyna 1135 tonna pagta tabşyrdylar, munuň özi olaryň döwlet tabşyrygyny 118,2 göterim ýerine ýetirendiginde habar berýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramyna çenli gökdepeli babadaýhanlar goşmaça ýene-de 1100 tonna “ak altyn” ýygnamagy maksat edinýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň