Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

00:4015.10.2015
0
4423

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň maliýe-bank ulgamynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda 2016-njy ýyl üçin ýurdumyzyň baş maliýe resminamasy bolan Döwlet býujetini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işlere seredildi.

Milletiň Lideri wideoşekilli iş maslahatyny açyp, oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowy,  Türkmenistanyň maliýe ministri M.Muhammedowy hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri Ý.Şeripowy bir wagtda çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, wise-premýer B.Hojamämmedowyň hasabatyny diňledi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, ähli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde geljek ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamak boýunça degişli işleriň ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna  laýyklykda, 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp haklaryny we beýleki durmuş töleglerini ýokarlandyrmak göz öňünde tutuldy. Mundan başga-da, geljek ýylda medeniýet, bilim, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, saglyk  ulgamy ýaly durmuş ugurlaryna gönükdirilýän serişdeler artdyrylar. Milli manadymyzyň durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça zerur çäreler göz öňünde tutuldy. Umuman aýdylanda, baş maliýe resminamasynda 2016-njy ýyl üçin döwletimiziň girdejileri we çykdajylary kesgitlenildi. Ýakyn wagtda ministrlikler we pudak edaralary býujet boýunça  teklipleriň üstünde işlemegi  tamamlar we ony Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlärler.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň,  öňi bilen, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, hususy ulgamyň höweslendirilmegine, maýa goýum mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna,  durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen uzakmöhletleýin milli pudaklaýyn hem-de sebitleýin maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleri hasaba almak bilen işlenip taýýarlanylmalydygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  Türkmenistanyň maliýe ministri M.Muhammedowyň hasabatyny diňledi. Ol Döwlet býujetini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi, şeýle hem “2012 — 2016-njy ýyllarda Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda” göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişiniň we onuň taslamasynyň üstüni ýetirjek goşmaça çeşmeleriň işjeň gözlenilmeginiň  zerurdygyna ünsi çekdi. Milletiň Lideri ministrligiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda ýurdumyzda durnukly maliýe ýagdaýynyň saklanmagynyň we maýa goýum serişdelerini çekmek üçin zerur şertleriň döredilmeginiň bardygyny aýratyn belledi.  

Soňra Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri Ý.Şeripow milletiň Liderine býujetiň doldurmagyň birnäçe çeşmeleri hakynda hasabat berdi. Hususan-da, Türkmenistanyň “Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakyndaky” Kanunynyň düzgünlerini, şeýle hem döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmagy ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagynyň muzdsuz berilmeginiň Tertibiniň we Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň satyn alynmagynyň Tertibiniň, şeýle hem döwlet edaralaryny hususylaşdyrmagyň Tertibiniň berjaý edilişine  yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy we ministre bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, maliýe-ykdysady ulgamyň ýolbaşçylaryna Döwlet býujetini taýýarlamak, ilkinji nobatda bolsa, döwlet gaznasyna maliýe serişdeleriniň gelip gowuşmagynyň ýollaryny gözlemek, eksporta gönükdirilen we  importyň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmak, elektron senagatynyň önümçiligi boýunça kärhanalary döretmek bilen baglanyşykly meseleleri düýpli seljermegi tabşyrdy.

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti türkmen-amerikan syýasy geňeşmelerine gatnaşmak üçin ABŞ-a we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykowy GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gazagystana  ibermek hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde  uly üstünlikler arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň