Soňky habarlar

Archive news

Aşgabatda türkmen-belarus işewürlik maslahaty geçiriler

11:1813.10.2015
0
1324
Aşgabatda türkmen-belarus işewürlik maslahaty geçiriler

14-nji oktýabrda Aşgabatda türkmen-belarus işewürlik maslahaty geçiriler. Belarus tarapyndan maslahata ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň, şeýle hem dürli ulgamlara degişli kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Türkmen tarapyndan bolsa oňa degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, eksport ugurly önümçilik pudaklarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşarlar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar depginli ösdürilýär, biziň ýurdumyzda bilelikdäki iri taslamalaryň birnäçesi amala aşyrylýar. Türkmen-belarus işewürlik maslahaty ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gelejekki ösüşine täze badalga berer.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň