Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mahmud Abbas Türkmenistanyň Prezidentini Palestina sapar bilen çagyrdy

21:5125.08.2023
0
24837

25-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikini kabul etdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna Prezident Mahmud Abbasyň mähirli salamyny we Palestina gelmek baradaky çakylygyny hem-de ähli türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Riýad al-Maliki parahatçylyk söýüjilik syýasaty ählumumy goldawa hem-de halkara bileleşigiň ykrarnamasyna mynasyp bolan döwlete — Türkmenistana gelip görmäge örän şatdygyny belläp, dostlukly ýurduň däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändigini tassyklady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Palestinanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutany Prezident Mahmud Abbasa mähirli salamyny hem-de hoşniýetli arzuwlaryny, şeýle hem Palestina Döwletine sapar bilen gelmäge çakylygy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan edip, Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen oňyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Palestina Döwletiniň köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşdigi ýa-da ýakyndygy bellenildi, munuň özi dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek hem-de çuňlaşdyrmak üçin oňaýly şertleri döredýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, pursatdan peýdalanyp, Palestina Döwletine we onuň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine hormat goýýandygy, alyp barýan daşary syýasatyny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda şeýle hem özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Degişli ikitaraplaýyn geňeşmeleriň geçirilmegi, iki ýurduň hususy ulgamlarynyň wekilleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin zerur şertleriň döredilmegi bu ugurdaky netijeli ädimleriň hatarynda görkezildi.

Ynsanperwer ulgamyň hem türkmen-palestina gatnaşyklarynyň möhüm bölegidigi bellenilip, şunda ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça gatnaşyklaryň höweslendirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi barada aýdyldy.

Şeýle-de duşuşykda Türkmenistanyň öz tarapyndan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça palestinaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklandy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Palestina Döwletiniň daşary işler hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki özara hoşniýetli erk-islege daýanmak bilen, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň