Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

10:4311.10.2015
0
4093

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe  Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Türkiýe  Respublikasynyň Premýer-ministri Ahmet Dawutogluna  Türkiýede bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýertitremelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny iň bir aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.

Türkmenistanyň Baştutany gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwyny aýtdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň