Gyýanly şäherçesinde deňiz suwuny süýjediji desga ulanylmaga berildi

11:3210.10.2015
0
2860

9-njy oktýabrda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Gyýanly şäherçesinde gurlan deňiz suwuny süýjediji täze desga hem ulanmaga berildi.   

Etrabyň suw üpjünçiligini has ýokary derejelere çykarmaga gönükdirilen hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň iň öňdebaryjy ölçeglerine we kadalaryna laýyk gelýän bu düzümleýin möhüm desganyň açylyş dabarasyna oba hojalyk toplumynyň  ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Kärhananyň esasy önümçilik bölüminde kuwwaty bir gije-gündizde 50 000 kub metr bolan suw süýjediji täze desga barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi. Ol tehnologik desgalaryň tutuş toplumyny öz içine alýar. Süýjediji iň täze enjam bilen enjamlaşdyrylypdyr. Bu enjam häzirki günde hemme zerur inžener-tehniki düzümi bolan iň kämil enjamdyr. Wideofilm bu çylşyrymly önümçiligiň tehnologik işi barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Desgany ABŞ-nyň, Germaniýanyň we Italiýanyň işläp düzüjileriniň suw arassalaýjy iň täze tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen, “Polimeks” türk kompaniýasy gurdy.

10 metr çuňlukdan kuwwaty sagatda 4200 kub metr bolan sorujylaryň kömegi bilen alynýan suw göwrümi 10 müň kub metr bolan gaba iberilýär. Bu ýerde suw arassalanýar, soňra ultramelewşe süzgüçden geçmegi üçin beýleki bir gaba ýygnalýar. Bu tapgyrda iriligi 0,02 mikrona çenli bölejikler saklanyp galynýar, şondan soň suw ters osmos desgasynyň üstünden geçýär.

Soňra dolandyryş enjamynda düwmäniň basylmagy bilen süýjediji desga herekete girizildi we bu ýere ýygnananlar onuň işini synladylar. Bular barada ýaş hünärmen jikme-jik gürrüň berdi.

Deňiz suwy birnäçe tapgyrlarda düýpli arassalanylýar: muňa ilki deslapky, soňra inçe arassalaýjy bölümler jogap berýär. Ahyrynda bolsa oňa arassalanan suw bolmak garaşýar. Süýjedijiniň esasy bölegi ters osmos desgasydyr. Bu ýerde kuwwatly sorujylar örän uly basyş astynda deňiz duzyny geçirmeýän ýörite membranalaryň içine sordurýar. Membranalaryň 12-si deňiz suwuny duzly suw we arassalanan  suw hökmünde ikä bölýär. Arassalanan suw minerallar bilen baýlaşdyrylýar, bu bolsa kalsiniň, magniniň we beýleki möhüm elementleriň zerur bolan derejesini üpjün edip, gerekli ölçeglere we ülňülere ýetirilýär hem-de suw göwrümi 40 müň kub metr bolan ýygnaýjy gaba gelip gowuşýar, şol ýerden bolsa suw itekleýji merkeze barýar.

Bu ýerden suw öndürijiligi sagatda 420 kub metr bolan sorujylaryň kömegi bilen geçirijiler boýunça Türkmenbaşy şäheriniň dürli etraplarynyň içimlik suw toplanýan gabyna iberilýär.

Şeýlelik bilen, täze suw süýjediji desga ”Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň hem-de Türkmenbaşy şäheriniň arassa içimlik suwuna bolan barha artýan islegini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň