Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat 2016-njy ýylyň tomusky Olimpiadasyna ýollanma gazanan Gülbadam Babamuratowany dabaraly gutlaýar

23:3507.10.2015
0
5398

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçen dzýu-do boýunça “Gran-pri” iri halkara ýaryşynda 52 kilograma çenli agram derejesinde ýeňiş gazanyp, diňe bir ýaryşyň baş baýragyna hem altyn medala mynasyp bolman, geljek ýyl Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçjek tomusky Olimpiada ýollanma gazanan Gülbadam Babamuratowany gazanan üstünligi bilen gutlamak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, dürli ministrliklerden we pudak edaralaryndan, Sport baradaky döwlet komitetinden, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetinden, Milli olimpiýa komitetinden wekiller, talyplar, ýurdumyzyň öňdebaryjy türgenleri we tälimçileri ezber türgeni gutlamaga geldiler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan G.Babamuratowa 10 müň amerikan dollary möçberinde pul sylagynyň gowşurylmagy gutlag dabarasynyň esasy wakasy boldy.

Dünýäniň ähli künjeginden iň güýçli dzýudoçylaryň gatnaşýanlygy üçin sport durmuşynda kiçi dünýä çempionatyna deňelýän “Gran-pri” halkara ýaryşyna 50-den gowrak döwletden 340-a golaý türgen gatnaşdy. 2016-njy ýylda geçjek tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýollanmalar üçin göreş bu ýaryşa aýratyn ähmiýetli dereje berdi. Şu sebäpli hem ildeşimiz, Halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamuratowanyň ýiti we barlyşyksyz göreşde Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hormatyna eýe bolmagy has-da guwandyryjydyr.

Türkmen türgeni göreş düşekçesinde dört tutluşyk geçirdi. Ildeşimiz ol tutluşyklaryň hemmesinde arassa ýeňiş gazandy. Ýarym finalda belarusly türgen bilen G.Babamuratowanyň tutluşygy has hem bellärliklidir. Bu “Gran-pri” ýaryşynyň öňüsyrasynda Gazagystanyň paýtagtynda dzýu-do boýunça dünýä çempionaty geçdi. Ol ýaryşda ildeşimiz baýrakly orna mynasyp bolmaga örän golaý bardy. Bürünç medal üçin göreşde Gülbadam özüne baýrakly orna düşmäge mümkinçilik bermedik şu belarusly türgen bilen duşuşdy. Ine, olar ýene-de dünýä derejesindäki ýaryşda finala çykmak ugrunda tutluşyga çykdylar. Bu tutluşykda G.Babamuratowa ýeňiş gazanyp, ozalky şowsuzlygynyň öwezini doldy.

Aýgytly tutluşykda onuň garşysyna germaniýaly dzýudoçy çykdy. Final tutluşyklary köplenç halatda owadan emellere baý bolmaýar. Sebäbi, türgenler finalyň ýolunda ähli gujur-gaýratlaryny sarp edip, finalda seresap göreş tutýarlar. Ýöne G.Babamuratowanyň ýaryşa diýseň ajaýyp taýýarlygy oňa final tutluşygynda hem ajaýyp emel bilen wagtyndan öň ýeňiş gazanmaga mümkinçilik berdi.

Oktýabr aýynyň 15—19-y aralygynda Fransiýada ýene bir iri halkara ýaryş — “Gran-slam” dzýu-do ýaryşy bolar. Ol ýaryşda Gülbadam dünýä we olimpiýa sanawyndaky ornuny has-da ýokarlandyryp biler. Türgenleriň bu sanawlarda eýeleýän orny Olimpiýa oýunlarynda olara käbir artykmaçlyklary berýär. Bu ýaryşda Türkmenistanyň dzýu-do boýunça ýygyndysy beýleki agram derejeleri boýunça olimpiýa ýollanmalaryny eýelemäge synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň