Soňky habarlar

Arhiw

Arslanmyrat Amanow: «Milli ýygyndymyz duşuşyga taýýar»

18:3107.10.2015
0
4690

Türkmenistan — Hindistan duşuşygynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Araslanmyrat Amanow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryny jogap berip, şeýle diýdi:

— Aşgabatda milli ýygyndymyzyň resmi duşuşygynyň geçirilmeýändigine ep-esli wagt boldy. Şonuň üçin hem türkmen futbolynyň janköýerleriniň bu duşuşyga uly isleg bildirjekdigine ynanýarys. Biziň tamamyzam şol. Çünki janköýerleriň goldawy bizi has-da ruhlandyrýar. Ýeňşe barýan ýoly ýakynlaşdyrýar.

Elbetde, ýurdumyzda geçirilýän duşuşyklaryň ählisinde hem utuk gazanmak biziň baş maksadymyz hem borjumyz. Türkmen futbolçylary Eýranyň milli ýygyndysy bilen geçirilen kyn duşuşykda şowly çykyş etmegi başardylar. Ýene şol üstünlik gaýtalanar we bu gezek ýeňiş gazanylar diýip açyk aýdyp bileris. Toparda ýagdaýlar gowy, oglanlar oýna doly taýýar. Ählimiz eminiň ilkinji jürlewügine garaşýarys.

Ýaýdanýarysmy, edil özüm-ä ýaýdanamok. Gaýtam öz Watanymyzda, öz howa şertlerimizde çykyş etjekdigimiz üçin özümizi diýseň arkaýyn duýýarys. Esasy zat şu arkaýynlygy saklap bileris.

Biz — futbolçy. Belki dünýäniň başga bir künjündäki toparlarda oýnap bileris. Ýöne şu Watanyň ogly hökmünde milli ýygyndyda çykyş etmek, onda-da bar gujur-gaýratymyzy orta goýmak biziň belent ogullyk borjumyz. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň