Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan – Hindistan duşuşygynyň öň ýaňynda press maslahaty geçirildi

17:3807.10.2015
0
1756

Ertir ýurdumyzyň futbol janköýerlerine uly sowgat garaşýar.  Paýtagtymyzdaky  «Köpetdag» stadionynda 2018-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň we 2019-njy ýyldaky Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklarynyň çäginde ýurdumyzyň futbol boýunça milli ýygyndysy Hindistanyň ýygyndy toparyny kabul edýär.

Mälim bolşy ýaly, bu ýaryşda ildeşlerimiz «D» toparçada çykyş edýär. Bu toparçada türkmen futbolçylaryndan başga-da, Eýran Yslam Respublikasynyň, Omanyň, Hindistanyň we Guamyň milli ýygyndylary bar. Ildeşlerimiz şu güne çenli üç duşuşyk geçirip, şolaryň biri ýurdumyzda Eýranyň milli ýygyndysy bilen bolupdy. Şol duşuşykda türkmen futbolçylarynyň Aziýanyň iň güýçli ýygyndysyna mynasyp garşylyk görkezip bilmegi sport hünärmenleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Şu gün paýtagtymyzdaky «Grand Türkmen» myhmanhanasynda geçirilen maslahatlar hem şu günki duşuşyga bagyşlandy. Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň, Türkmenistanyň we Hindistanyň futbol federasiýalarynyň wekilleriniň hem-de milli ýygyndylaryň ýolbaşçy düzümleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda, esasan, şu duşuşygyň meseleleri barada pikir alşyldy. Maslahatda aýdylyşy ýaly, duşuşykda türkmen futbolçylary ak, myhmanlar bolsa gök reňkli köýnekçede çykyş eder. Duşuşyk siriýaly eminler toparynyň eminlik etmeginde  futbolyň halkara kadalaryna laýyklykda, ýokary derejede geçiriler.

Oňa ýurdumyzdan 20 müňden gowrak, şol sanda Hindistandan 500 töweregi janköýeriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Maslahatyň yzysüre Türkmenistanyň we Hindistanyň milli ýygyndylarynyň baş tälimçileri we kapitanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdiler. Myhman toparyň baş tälimçisi, angliýaly hünärmen Stiwen Konstantin duşuşyga ýokary taýýarlyk bilen gelendiklerini aýdyp, türkmen futbolçylary bilen boljak duşuşygyň ýeňil bolmajakdygyny nygtady. Myhman toparyň kapitany, indi on ýyldan bäri Hindistanyň milli ýygyndysynda çykyş edip gelýän Sunil Çetri tälimçiniň aýdanlaryny goldap, olaryň üstüne Aşgabat baradaky pikirlerini goşdy. Futbolçy: «Aşgabat diýseň arassa we owadan şäher eken. Biziň ýerleşen myhmanhamyzdan («Ýyldyz» myhmanhanasy) şäheriň ähli gözellikleri eliň aýasynda ýaly aýan görünýär» diýip, duşuşygyň şeýle ajaýyp şäherde geçirilýändigine şatdygyny aýdanlarynyň üstüne goşdy.

Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Amangylyç Goçumow ýurdumyzda geçiriljek duşuşyklaryň utuk gazanmak üçin ajaýyp mümkinçilikdigini aýtmak bilen, milli ýygyndymyzyň bu duşuşyga doly taýýarlykly gelendigini nygtady. Tälimçiniň aýdanlaryna goşulyp, milli ýygyndymyzyň we Özbegistanyň «Almalyk» futbol klubynyň ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanow: «Watanymyzyň sport abraýy üçin elimizden gelenini gaýgyrmarys. Bu işde janköýerlerimiziň hem bize goldaw berjekdigine tüýs ýürekden ynanýarys» diýdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň