“Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

10:4407.10.2015
0
5230

“Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Ol edaranyň bölümleriniň we düzümleriniň işgärleri, şeýle hem hasapçylar, auditorlar, maslahatçylar, telekeçiler, kärhanalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem daşary ýurtly işewürler we bilermenler üçin niýetlenendir.

Telekeçilere salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamy, täze düzgünler, olara düşündirmeler we teswirlemeler žurnalyň täze sanynyň esasy mowzugyna öwrüldi. Onuň giriş makalasynda bellenilişi ýaly, şu ýylyň iýulynda güýje giren Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hususy telekeçilere salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky» Karary ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin has amatly salgyt ýagdaýyny döretmäge gönükdirilendir.

Resminama işewürlik başlangyjyny höweslendirmäge, telekeçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga we ýurdumyzda senagat meýdançalaryny artdyrmaga, önümçiligiň möçberlerini ýokarlandyrmaga we şeýlelikde, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012—2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam etmelidir.

“Düşündirişler” bölüminde Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan telekeçilere salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamynyň aýry-aýry düzgünleri we şu meseleler bilen bagly bolan habarlar we düşündirişler getirilýär. Hususan-da, olar işleriň aýry-aýry görnüşlerine patent bermegiň, ygtyýarlandyrmagyň tertibi, patent töleginiň möçberleri bilen baglydyr. Bu ýerde kesgitlenen patent tölegini hasaplamak boýunça usuly görkezmeler getirildi. Düşündirişleriň degişli edaralara gelip gowuşýan ýüz tutmalary nazara almak bilen düzülendigini bellemek gerek.

Žurnalyň okyjysy “Sorag-jogap” bölüminde hem salgyt salmagyň aýratynlyklaryny öwrenmek hem-de ol ýa-da beýleki ýagdaýda salgyt kanunçylygyny ulanmak boýunça peýdaly maglumatlary tapar.

Şeýlelikde, maliýe-ykdysady neşir okyjylaryň giň köpçüligine diňe salgyt ulgamyndaky özgerişlikler barada habarly bolmaga däl-de, eýsem, tejribeli hünärmenlerden hukuk kömegini almaga mümkinçilik berýär. Ýöriteleşdirilen neşirler ulgamynda golaýda peýda bolan hem-de hünärmenleriň arasynda uly abraýa eýe bolýan žurnal salgyt edaralarynyň, maslahatçylaryň we salgyt töleýjileriň arasyndaky hünär gatnaşyklarynyň aýratyn giňişligini döretmegi dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň