Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana resmi sapary başlanýar

09:0607.10.2015
0
3017

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň goňşy Özbegistan Respublikasyna resmi sapary başlanýar.  Goňşy döwletde geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikler halklaryň bähbidini nazarlap, döwletleriň durmuşyna degişli täze wezipeler kesgitlär.

Saparyň çäklerinde iki ýurduň Baştutanlarynyň arasynda aragatnaşyk, söwda, syýahatçylyk, tehnologiýa, sport, ylym, saglygy goraýyş pudaklary boýunça mundan beýläk hem hyzmatdaşlyklary nazarlaýan gepleşikleriň geçirilmegine we ylalaşyklaryň gazanylmagyna garaşylýar.  Esasan hem, bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlyklaryň geriminiň giňeldilmegine üns berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň