Soňky habarlar

Arhiw

Ankaranyň döwlet teatry Türkmenistanda myhmançylykda bolar

09:0207.10.2015
0
1160

Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Ankaranyň döwlet teatrynyň artistleri 8-10-njy oktýabr aralygynda  Mary şäherinde saparda bolarlar diýip, Türkiýäniň «www.haberler.com» internet saýtynda aýdylýar. Şäheriň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda myhmanlar meşhur ýazyjy, dramatirg Haldun Ýeneriň «Gözlerimi ýumaryn, wezipämi berjaý ederin» atly sahna oýnuny gökrzerler. 

Režissýor Ali Düşenkalkaryň sahnalaşdyrylan bu sahna oýnunyň Türkmenistandaky ilkinji görkezilişi 9-njy oktýabrda bolar. Bu ýerdäki dabaralaryň çäklerinde türki halklaryň beýleki wekilleriniň hem sahna eserleri görkeziler.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň