Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy (2015-nji ýylyň 2-nji oktýabry)

23:1005.10.2015
0
5354

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň işinde bar bolan kemçiliklere garamazdan, şu ýylyň 9 aýynyň netijeleri, umuman, erbet bolmady.

Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek ýörelgelerine daýanýan daşary syýasaty Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna, Bitarap döwletimiziň jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde dünýäde tutýan ornunyň berkidilmegine ýardam edýär.

Häzirki döwürde berkarar döwletimiziň daşary syýasatyna, türkmen Bitaraplygyna sebit we halkara derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmegiň aýrylmaz bir bölegi hökmünde garalýar. Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryny, ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň netijeli guraly hökmünde seredilýär.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki duşuşygy geçirildi. Şol duşuşykda Türkmenistan ählumumy Gün tertibiniň örän möhüm ugry boýunça halkara tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş etdi. Biziň tekliplerimiz Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler, şeýle hem bu Guramanyň Baş sekretary Pan Gi Mun tarapyndan düşünmek bilen kabul edildi we goldanyldy. Bu bolsa Bitarap döwletimiziň üstüne uly jogapkärçiligi ýükleýär.

Şoňa görä-de, öňe sürlen başlangyçlary üstünlikli amala aşyrmak üçin, biz milli derejede hem, halkara derejesinde hem zerur bolan ähli işleri geçirmelidiris. Bu ugurda ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň sazlaşykly işlemegi zerurdyr. Alnyp baryljak ähli işleri utgaşdyrmagy bolsa, R.Meredow, Daşary işler ministrligine tabşyrýaryn.

Biz Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) ýakyn wagtda geçiriljek mejlisleriniň birinde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri utgaşdyrmagyň täze, ählumumy guralyny döretmek baradaky meselä seretmegi hem teklip etdik. Türkmenistan Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzasy hökmünde, Birleşen Milletler Guramasynyň bu örän möhüm edarasy bilen işlemek boýunça uly tejribe toplady.

Biziň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagy utgaşdyrmagyň guralyny döretmek meselesine seretmek baradaky başlangyjymyzy durmuşa geçirmekde bu edaranyň goldaw berjekdigine ynanýarys. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligine, R.Meredow, degişli ministrlikler bilen bilelikde, öňe süren başlangyjymyzy esaslandyrmak we onuň mazmuny boýunça anyk teklipleri bermegi tabşyrýaryn. Siz bu işleri amala aşyrmagyň guralyny ulanmagyň usullaryny we çäklerini kesgitläň. Şeýle hem, bu ugurda hyzmatdaşlarymyzyň goldawyny berkitmek üçin, Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň çäklerinde zerur bolan diplomatik geňeşmeleri geçiriň.

Häzirki döwürde dünýäde açlyga garşy göreşmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, adamlaryň iýmitlenmegini gowulandyrmak boýunça bilelikde köp işler edilýär. Bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy goldamak Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň geçiren işiniň ýene-de bir möhüm ugurlarynyň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz Baş Assambleýanyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde ýokary derejede Azyk maslahatyny çagyrmak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Bu başlangyjy üstünlikli amala aşyrmak üçin, Azyk maslahatynyň gün tertibi, onuň öňünde durýan wezipeler, maslahatda seredilmegi göz öňünde tutulýan meseleler boýunça anyk teklipleri, ilkinji nobatda, biziň özümiz bermeli.

Şoňa görä-de, R.Meredow, Daşary işler ministrligi, bu maslahaty geçirmek, onda serediljek meseleleri taýýarlamak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň, Azyk we Oba hojalyk guramasynyň, Bütindünýä azyk guramasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirmeli. Bu edaralar bilen maslahaty geçirmegiň guramaçylyk meselelerini çözmeli. Geçiriljek maslahatyň azyk üpjünçiligi boýunça dünýäde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga netijeli we anyk itergi bermegini gazanmaly. Bu maslahatyň Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde mundan beýläk-de anyk çözgütleri taýýarlamagyny üpjün etmeli. Şeýle netijeleri gazanmak biziň esasy maksadymyz bolup durýar. Türkmenistanyň bu ugurda öňe süren başlangyjynyň düýp mazmuny şundan ybaratdyr!

E.Orazgeldiýew, Azyk maslahatyny geçirmek bilen bagly taýýarlyk işlerine ýurdumyzyň degişli pudak edaralaryny çekmeli. Häzirki döwürde Bitarap döwletimizde azyk howpsuzlygy üpjün edilýär. Ilatymyza hödürlenýän azyk önümleriniň düzümi gowulandyrylýar. Azyk önümleri lukmançylyk nukdaýnazaryndan zerur bolan maddalar bilen baýlaşdyrylýar. Biz bu ugurda gowy tejribe topladyk. Şoňa görä-de, degişli edaralara bu tejribä esaslanýan teklipleri bermegi tabşyrýaryn.

Biziň toplan oňyn tejribämizden hyzmatdaşlarymyzyň hem peýdalanmagy zerur diýip hasap edýärin. Biz Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bolan Ösüş maksatnamasy, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) hem-de Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen bilim babatda hyzmatdaşlygy geljekde hem dowam ederis. Bu hyzmatdaşlyk has-da takyk we anyk maksada gönükdirilen bolmalydyr. Biziň bildirýän talaplarymyza laýyk gelmelidir. Uzakmöhletleýin geljegi nazara alyp, halkara bilim giňişligine ýurdumyzyň ysnyşykly we netijeli goşulmagyna ýardam bermelidir.

Daşary işler ministrligi, R.Meredow, Siz, S.Toýlyýew, Bilim ministrligi, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Milli komissiýasy bilen bilelikde bilim babatda halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi uly bolan täze meýilnamalaryny we maksatnamalaryny taýýarlamaly. Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň anyk usullaryny kesgitlemeli. Şunuň bilen birlikde, bilim maksatnamalarynyň innowasion ugurlaryny öňe sürmäge, okatmagyň we bilim bermegiň häzirki zaman usulyýetini ornaşdyrmaga uly üns bermeli.

Biz gender deňligini üpjün etmegiň, aýal-gyzlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmegiň Birleşen Milletler Guramasy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny hem beýan etdik. Şoňa görä-de, A.Nurberdiýewa, Türkmenistanyň Mejlisine, R.Meredow, Daşary işler ministrligine Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynda alyp barýan işleriniň çäklerinde bu ugurdaky meselelere örän uly üns bermegi tabşyrýaryn. Siz döwlet Baştutanlarynyň gender deňligi boýunça ýakynda bolup geçen ýokary derejedäki duşuşygynyň netijelerini düýpli öwreniň.

Şonuň netijesinde, geljekde dürli halkara maslahatlarynda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň indiki, 71-nji mejlisinde ýurdumyzyň öňe sürjek täze tekliplerini taýýarlamagyň üstünde işläň. Bu işe degişli döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryny hem giňden çekiň.

Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça halkara hyzmatdaşlygyna hem örän möhüm ähmiýet bermeli. Şoňa görä-de, şu ýylyň dekabr aýynda Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýanyň taraplarynyň Parižde geçiriljek maslahatyna düýpli taýýarlyk görmeli. Maslahatda beýan ediljek, ileri tutulýan meseleleri kesgitlemeli.

Daşary işler ministrligi, R.Meredow, şeýle hem E.Orazgeldiýew, Siz bu ugurda iş alyp barýan beýleki edaralar bilen bilelikde zerur teklipleri taýýarlamaly. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlyk etmeginde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin howanyň üýtgemegi boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmek bilen bagly alnyp barylýan işleri güýçlendirmeli.

Goňşy döwletler, şeýle hem gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen hyzmatdaşlyk edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň utgaşdyrmagy boýunça bu başlangyjyň Merkezi Aziýada we oňa ýakyn sebitlerde Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda örän möhüm ädimdigini düşündirmeli. Bu başlangyjyň halkara derejesinde goldanylmagyny tutanýerlilik bilen gazanmaly. Bu mesele boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde 2016-njy ýylda anyk çözgüdiň kabul edilmegi biziň esasy maksadymyz bolup durýar!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Häzir biziň alyp barýan içeri syýasatymyz bilen bagly meseleler barada durup geçmek isleýärin. Ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça saýlap alan ugrumyzda häzirki zaman senagat üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmek göz öňünde tutulýar. Gaýtadan işleýän iri önümçilikleri döretmek wezipesi öňde durýar. Bu bolsa, diňe bir bütin dünýäde dowam edýän maliýe-ykdysady çökgünligiň milli ykdysadyýetimize ýetirýän täsirini azaltmak bilen çäklenmän, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede — 8,3 göterim möçberde saklamaga hem mümkinçilik berdi.

Senagat önümleriniň möçberlerini artdyrmaga, milli pulumyz bolan manadyň hümmetini durnukly derejede saklamaga oňaýly şert döretdi. Içerki bazarda harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlaryny pes derejede saklamaga, durmuş ulgamyna gönükdirilýän düýpli maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam etdi. Häzirki döwürde Prezident maksatnamasyna laýyklykda täze kärhanalary gurmaga we bar bolanlarynyň durkuny täzelemäge uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär. Geçen döwür bilen deňeşdirilende, bu ugra gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi 8,2 göterim artdy.

Tebigy gazy ulanmak arkaly energiýa serişdelerini öndürýän kuwwatlyklary artdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça maksatnama laýyklykda, önümleriň täze görnüşlerini öndürmäge niýetlenen taslamalar işlenip taýýarlanylýar.

Bilim, saglygy goraýyş, ylym ulgamlarynda hem özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Gurluşyk, senagat pudaklarynda we beýleki pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanylýar. Biz iri halkara taslamalaryny hem, içerki taslamalary hem amala aşyrmagy dowam edýäris.

Nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we abadanlaşdyrmak boýunça işler hem netijeli alnyp barylýar. Iri gaz geçirijiler, sport desgalary, howa menzilleri, awtomobil ýollary we iri köprüler çalt depginler bilen gurulýar. Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisini, şeýle hem beýleki gaz geçirijileri gurmak boýunça taýýarlyk işleri geçirilýär. Desgalaryň gurluşygy çalt depginler bilen alnyp barylýar. Muňa mysal hökmünde diňe bir şu ýylyň sentýabr aýynda umumy bahasy 1 milliard 500 million amerikan dollaryna golaý bolan 68 desganyň ulanmaga berlendigini görkezmek bolar. Şolaryň hatarynda bekre balyklaryny ösdürip ýetişdirýän kärhanany, sebitde iri desga bolan, kuwwaty 504 megawat gaz turbinaly elektrik stansiýasyny görkezmek bolar. Şeýle hem, şol desgalaryň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky 10-a golaý myhmanhana we dynç alyş toplumy, Awaza etrabyndaky binalar toplumy, jemi 2090 orunlyk 25 sany umumybilim berýän mekdep we 14 sany çagalar bagy, umumy meýdany 114 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary bar. Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 50 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan dürli desgalaryň 2 müňden gowragynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Oba hojalygynda geçirilýän özgertmeler hem öz oňat netijelerini berip başlady. Şu ýylyň gurak gelendigine garamazdan, oňat galla hasyly ösdürilip ýetişdirildi we ýygnaldy. Pagta ýygymy hem ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň ynandyrmalaryna görä, döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramyna çenli bir million tonnadan gowrak «ak altyn» ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyrylar.

Telekeçiler hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine uly goşant goşýarlar. Olar dürli pudaklarda netijeli işleri alyp barýarlar. Telekeçilerimiz has çylşyrymly we iri möçberli taslamalary amala aşyrýarlar. Olaryň ussatlyk derejesi daşary ýurt kompaniýalarynyň hünärmenlerinden birjik-de pes däldir.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Şu ýylyň tamamlanmagyna çenli az wagt galdy. Galan döwürde biz şu ýyl göz öňünde tutan işlerimizi üstünlikli tamamlamaly. Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramy we ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli göz öňünde tutulan baýramçylyk çärelerini ýokary döwlet we ählihalk derejesinde guramaçylykly geçirmeli.

B.Hojamämmedow, Siz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde 2016-njy ýylyň Döwlet býujeti bilen bagly maslahat geçiriň. 2016-njy ýylyň Döwlet býujetini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri tamamlamaly. Geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Mejlisiň garamagyna ibermeli. Döwlet býujetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, geljek ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini, şeýle hem beýleki durmuş tölegleriniň birnäçesiniň möçberlerini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutmaly.

A.Nurberdiýewa, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny hemmetaraplaýyn oýlanyşykly işläp taýýarlamaly we kabul etmeli. Şeýle hem, dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara alyp, ýurdumyzyň kanunçylygyna gysga wagtyň içinde seretmeli we eger zerur bolsa, oňa üýtgetmeleri girizmeli.

R.Meredow, daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýurdumyza boljak saparlaryna, şeýle hem ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara boljak saparlaryna düýpli taýýarlyk görmeli. Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçiriljek halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns bermeli. Ýakyn wagtlarda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny geçirmegiň maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamaly. Şonuň ýaly-da, geljek ýylda daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýurdumyza boljak saparlarynyň we ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara boljak saparlarynyň meýilnamasyny hem-de halkara maslahatlaryny geçirmegiň tertibini işläp taýýarlamaly we tassyklamak üçin hödürlemeli.

E.Orazgeldiýew, geljekki oňat galla we pagta hasylynyň düýbüniň şu ýyl tutulýandygyna Siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Şoňa görä-de, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde tamamlamaga, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmäge we geljek ýylyň gowaça ekişine häzirden gowy taýýarlyk görmäge aýratyn üns bermeli. Oba hojalygyny dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmek, ýer reformasyny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli.

M.Ýazmuhammedowa, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy we döwletimiziň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine düýpli taýýarlyk görmeli we bu çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmeli. Ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerde we obalarda baýramçylyk çärelerini, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny guramaly. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini metbugatda we teleradioýaýlymlarda giňden beýan etmeli.

P.Taganow, baýramçylyk günlerinde bazarlarda we dükanlarda senagat hem-de azyk harytlarynyň bolçulygyny üpjün etmeli.

Ş.Durdylyýew, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, gurulýan binalarda we desgalarda işleriň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamaly. Şu ýyl göz öňünde tutulan desgalaryň ählisiniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli gurlup, ulanmaga berilmegini gazanmaly. Bu aýratyn hem ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna degişlidir.

S.Satlykow, baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän döwründe ulag gulluklarynyň işleýşini berk gözegçilikde saklaň! Howa menzilleriniň, Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleriň, awtomobil ýollarynyň gurluşygyna aýratyn üns beriň!

B.Hojamuhammedow, nebitgaz we geologiýa pudaklaryny ösdürmek boýunça syýasaty has netijeli alyp barmaly. Nebiti we gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmaga aýratyn üns bermeli.

Ýurdumyza maýa goýumlaryny çekmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmeli. Berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen Prezident maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmeli.

B.Ereşow, senagat pudagynyň gerimini telekeçileri giňden çekmek arkaly has-da giňeltmeli. Bu ýerde gürrüň bäsleşige ukyply, innowasiýalara esaslanýan senagat pudagyny we pudagyň üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek barada barýar. Bu pudak ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny, aýratyn hem, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän pudaklary çalt depginler bilen ösdürmegiň esasyny düzýär.

S.Toýlyýew, göz öňünde tutulan özgertmeleriň maksatnamasyna laýyklykda, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýadyny berkitmeli. Bu ulgamlary kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Görşüňiz ýaly, biziň öňümizde möhüm wezipeler durýar. Bu wezipeleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin siziň ähliňize tabşyryklar berildi. Alnyp barylmaly işleriň tertibi kesgitlendi. Siziň öňde duran bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirjekdigiňize berk ynanýaryn!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň