Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Fransiýa ykdysadyýet we energetika pudaklary boýunça bilelikdäki duşuşyklary geçirerler

00:3803.08.2023
0
38870

Duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysadyýet we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýakyn wagtda geçiriljek bilelikdäki duşuşyklaryň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada centralasia.news Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň sosial ulgamlaryna salgylanyp habar berýär.

Ýakyn geljekde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň we energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça türkmen-fransuz iş toparynyň duşuşygy guralar.

Şeýle hem, Türkmenistanyň ilçisi we Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň wekili ýokary we has ýokary derejeli saparlaryň guralyşyna aýratyn üns berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň