«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agenti «WKontakte» sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda Moskwadan Aşgabat şäherine uçuşlaryň hemmesiniň Kazan howa menziline geçirilendigini habar berdi. Ýolagçylara Domodedowo howa menzilinden mugt awtobus gatnawy berilýär. 1-nji awgustda uçmaly ilkinji uçuş bir gün yza süýşürildi. Ýolagçylardan howa menziline öňünden gelmegi haýyş edilýär.
«Hormatly ýolagçylar. Moskwa — Aşgabat T5704 gatnawy 2023-nji ýylyň 1-nji awgustynda ýola çykýar.
Bu gatnawyň ugramagy 2-nji awgustda Kazandan meýilleşdirildi. Ýolagçylar Domodedowo howa menzilinden ýola çykjak amatly şäherara awtobuslar bilen Kazana eltiler. Kazana gitmegi 19:30-da guramak üçin giriş hasaplaýjylaryna gelmegiňizi haýyş edýäris.
Şeýle hem, şu hepde indiki ähli uçuşlar üçin Domodedowo howa menzilinden Kazana awtobus gatnawyň guraljakdygyny habar berýäris.
T5726 / 2023-nji ýylyň 2-nji awgusty
T5724 / 2023-nji ýylyň 4-nji awgusty
Т5706 / 2023-nji ýylyň 5-nji awgustyPetekleriňizde görkezilen wagtdan 3 sagat öň howa menziline gelmegiňizi haýyş edýäris» diýlip, habarda aýdylýar.
Ozal «Turkmenportal» «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda uçuşlaryň togtatýandygyny habar beripdi. Russiýa uçuşlar Aşgabat (ASB) — Kazan (KZN) — Aşgabat (ASB) ugurlarynda amala aşyrylar.
Uçuş tertibi we petekler boýunça has giňişleýin maglumatlary awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndan alyp bilersiňiz.