Bakuwda Türkmenistanyň bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahaty geçirildi

02:1201.10.2015
0
2857

Bakuwda Türkmenistanyň bitaraplygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahaty geçirildi. “Türkmenistanyň bitaraplygy: parahatçylyk döredijilikli adamzat taryhynda täze eýýam” atly bu halkara ylmy maslahatyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçihanasy çykyş etdi.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň ilçihanasynyň ýurdumyzyň bitaraplygyna bagyşlanan täze kitaby görkezildi. Neşirde türkmen bitaraplygynyň syýasy diplomatik, halkara-hukuk, taryhy-medeni we beýleki möhüm taraplary barada gürrüň berilýär.

Çärä Azerbaýjandaky diplomatik gulluklaryň we wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Milli Mejlisiň (parlamentiň) deputatlary, syýasatçylar, bilermenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we Azerbaýjanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Giriş sözi bilen çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Toýly Kömekow Türkmenistanyň bitaraplygynyň esasy ugurlary, ýurduň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, beýleki döwletler, şol sanda Azerbaýjan bilen alnyp barylýan gatnaşyklar barada gürrüň berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň