3-nji oktýabrda Türkmenistanda ählihalk ýowary geçiriler

18:5330.09.2015
0
3685

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy sentýabrda göni aragatnaşyk arkaly geçiren wideoşekilli iş maslahatynda-da habar berlişi ýaly, 3-nji oktýabrda Türkmenistanda ählihalk ýowary geçiriler. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýurdumyzda 2015-nji ýylda bag ekmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 3 million düýp bag nahallaryny, şol sanda ýurdumyzyň ýurdumyzyň ministrlikleri, pudak edaralary hem-de Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan 1,5 million  bag nahallaryny ekmek göz öňünde tutulýar. Göz öňünde tutulan işlere laýyklykda, şu ýylyň ýazyna jemi 1 million 670 müň 839 düýp bag nahallary ekildi. Häzirki wagtda galan 1 million 329 müňden gowrak nahal ekmek meýilleşdirilýär. Şolardan 803,6 müň düýbe golaýy ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary hem-de Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan, 525,6 müňe golaý düýbi welaýat häkimlikleri tarapyndan ekiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň