Soňky habarlar

Arhiw

Awazada “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisi we maslahat açyldy

02:0330.09.2015
0
5068

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky “Seýrana” myhmanhanasynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisi we maslahaty açyldy. Ol Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda milli syýahatçylyk agentlikleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, dünýäniň 25 ýurdundan hyzmatdaşlyk edýän düzümleriň hem-de ýörite ugurly hünär berýän ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bar. Olardan Beýik Britaniýa, Fransiýa, Awstriýa, Ispaniýa, Germaniýa, Gollandiýa, Türkiýe, Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Ýaponiýa, Tailand, Malaýziýa, Indoneziýa, Bolgariýa, Çehiýa, Slowakiýa, Polşa we beýlekilerdir.

Türkmenistanyň syýahatçylyk toplumynyň mümkinçilikleri esasynda bu ýerde goýlan görnüşler halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň uly geljegini görkezýär. Jemi 123 kompaniýanyň wekilleri, şol sanda 70-den gowrak daşary ýurt şereketleri hem-de 50-den gowrak türkmen syýahatçylyk edaralary diwarlyklaryny görkezdiler. Şol görnüşleriň hatarynda biziň ýurdumyzdan Awazanyň myhmanhanalary diwarlyklaryň 26-syny görkezdi. Mundan başga-da, bu ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti öz işlerini hödürledi.

Bar bolan mümkinçilikleriň, gazanylan üstünlikleriň hem-de täze teklipleriň aýdyň beýanyna öwrülen gözden geçirilişde döwlet guramalary we edaralary, ýurdumyzyň hususy kärhanalary, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýan ýa-da gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly kompaniýalar işlerini görkezýärler. Owadan ekspozisiýalar buýrujylaryň we hyzmatdaşlaryň täze başlangyçlaryny, syýahatçylygyň häzirki zaman düzümini ösdürmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, hyzmatlaryň geriminiň giňeldilmegine, pudagy we işewürligi dolandyrmagyň ykdysady gurallarynyň kämilleşdirilmegine hyzmat edip biljek ajaýyp tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary hödürleýär.

Günüň ikinji ýarymynda “Seýrana” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly maslahatyň mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň syýahatçylyk toplumynyň strategiýasy, onuň medeni we tebigy mirasyň baý köpdürliliginde görkezilen binýady bilen tanyşdyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň