Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Raýmonds Weýonisiň ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi.
Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň depginini we möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak üçin Türkmenistanyň we Latwiýanyň uly mümkinçilikleri bardyr. Şunlukda, söwda-ykdysady, senagat, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-latwiýa hökümetara topary döredildi. Bellenilişi ýaly, toparyň üçünji mejlisi 2016-njy ýylda Riga şäherinde geçiriler. Özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi iki ýurduň amatly geoykdysady mümkinçilikleriniň bardygy bilen hem şertlendirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygynyň halkara ulag-logistika düzümini ösdürmekde, söwda-üstaşyr geçelgeleri, hususan-da, “Demirgazyk-Günorta” ugry boýunça geçelgeleri döretmekde möhüm şertleriň biri bolup biljekdigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň medeni-ynsanperwer, syýahatçylyk, maglumat-tehnologiýalar, aragatnaşyk ýaly ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda Latwiýanyň toplan oňyn tejribesine uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutany ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, iki ýurduň Ylymlar akademiýalarynyň arasynda ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň maksada laýyk boljakdygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutany we Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem iri halkara düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.