25-nji sentýabrda Türkmenistanyň futbol boýunça 19 ýaşa çenli futbolçylardan düzülen ýaşlar ýygyndysy Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine okuw türgenleşigine ugrady. Tälimçi Ahmet Agamyradowyň şägirtleri bu ýerde 4-nji oktýabrda Saud Arabystanynda badalga aljak Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna gatnaşarlar. Mälim bolşy ýaly, ildeşlerimiz «B» toparçada çykyş eder. Bu toparçada Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysyndan başga-da, Ýemeniň, Saud Arabystanynyň we Siriýanyň ýygyndylary bar.
Ildeşlerimiz toparçadaky ilkinji duşuşygyny 4-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň topary bilen geçirer.
U-19 Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň tälimçiler we futbolçylar düzümi:
Talimçiler:
1. Ahmet Agamyradow- "Hazyna"
2. Fazil Mammedow- "Hazyna"
Lukman:
Parahat Başimow- "Hazyna"
Administrator:
Babanazar Haknazarow
Oyunçylar:
1. Akmammedow Begenc - "Hazyna"
2. Agamammedow Samammet-"Köpetdag"
3. Basimow Sazada- "Köpetdag"
4. Berdiyew Dowletyar- "Hazyna"
5. Baybikow Islam- "Köpetdag"
6. Bayow Begmyrat- "Hazyna"
7. Gurgenow Bagtyyar- "Balkan"
8. Gurbangulyew Guwancmyrat- "Köpetdag"
9. Hangulyyew Meylis- "Köpetdag"
10. Hojayew Resul- "Altyn Asyr"
11. Isangulyyew Orazmuhammet- "Ahal"
12. Kabayew Serdargeldi- "Hazyna"
13. Muhammedow Parahat- "Altyn Taç"
14. Muhadow Yusup- "Altyn Taç"
15. Orazow Rahmanberdi- "Altyn Taç"
16. Owezow Kerim- "Altyn Taç"
17. Psenicnikow Maksim- ФК "Звезда", Санкт-Петербург
18. Sayidow Meylis-"Daşoguz"
19. Saparmamedow Yhlas- "Hazyna"
20. Taganow Pirnazar- "Altyn Asyr"
21. Tirkisow Sanazar- "Merw"
22. Titow Mihail- "Ahal"