Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

21:5220.07.2023
0
24579
Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Pýo bilen duşuşygy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Pýo Aşgabadyň Maslahat köşgüne geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygyny türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy. Öz nobatynda, Kim Jin Pýo Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Koreýa Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy iki ýurduň döwlet baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.

Maslahat köşgüniň «Deňiz han» otagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Pýonyň ikiçäk duşuşygy boldy.

Soňra gepleşikler Maslahat köşgüniň «Aý han» otagynda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Ikiçäk we giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň