Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Mary welaýatynda döwrebap poçta hyzmatlary ýola goýulýar

10:0820.07.2023
0
42736

Aragatnaşyk hyzmatlarynyň hiliniň we elýeterliliginiň ýokarlandyrmagyna gönükdirilen aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň 2019 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde «Türkmenpoçtanyň» ýurduň welaýatlaryndaky şahamçalary hyzmatlary bermekde täze tehnologiýalary we ülňüleri ulanmaga esaslanýan döwrebap tertipde işleýärler. Mary welaýaty hem şolaryň hataryndadyr, bu ýerde ähli poçta bölümleri poçta ýollamalaryny almak we ibermek, pul serişdeleri geçirmek, markalary, bukjalary, otkrytkalary we beýleki harytlary satmak ýaly poçta hyzmatlaryny ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin zerur mebel, ofis enjamlary we sarp ediş harytlary ornaşdyrylandyr.

«Türkmenpoçtanyň» alyp barýan üstünlikli işleriniň netijesinde sebitiň ähli ilatly nokatlarynyň ýaşaýjylary üçin welaýatyň we tutuş ýurduň çägine «gapydan-gapa» eltip bermek boýunça çaparçylyk hyzmaty elýeterlidir. Hatda iň çetdäki we barmasy kyn etraplardaky adresatlar hem gymmatly ýollamalary hem-de möhüm bukjalary iň gysga wagtyň içinde alarlar. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, müşderi çapary öýüne ýa-da ofisine çagyryp, gaplamak we saklamak hyzmatlaryny sargyt edip biler, bukjanyň ýa-da beýleki ýollamalryň ýerleşýän ýerini yzarlap biler.

Çaparçylyk hyzmatyny sargyt etmek üçin «Türkmenpoçtanyň» islendik bölümine ýüz tutmak ýa-da «Çapar» ykjam programmasyndan peýdalanmak mümkindir.

Mary welaýatynyň ýaşaýjylary «Türkmenpoçta» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen «Çapar» ykjam programmasynyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanýarlar. Bu programmanyň kömegi bilen diňe bir çaparçylyk hyzmatyny sargyt etmek däl, eýsem, jemagat hyzmatlary, mobil aragatnaşyk, internet we ş.m. dürli hyzmatlaryň töleglerini tölemek mümkindir.

«Çapar» ykjam programmasy «Google Play-de» we «App Store-de» ýükläp almak üçin elýeterlidir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň