Marynyň «Merwiniň» AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşy ― Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň «Alaý» futbol topary özbegistanly hüjümçileriň ikisi bilen düzümini güýçlendirdi.
«Janköýeriň» habar berşi ýaly, geçen möwsümde «Nur-Batkende», şu möwsümiň birinji ýarymynda bolsa Özbegistanyň «Zwezda Jizak» toparynda çykyş eden 29 ýaşly Nodirbek Ibragimow mundan beýläk «Alaýyň» üstünlikleri üçin göreşer.
Şeýle hem topar Özbegistanyň «Sementçi» toparynyň 28 ýaşly hüjümçisi Şohruhbek Muratowy düzümine goşdy.
«Merw» bilen «Alaýyň» arasyndaky duşuşyk 15-nji awgustda Türkmenistanda geçiriler. Resmi däl maglumatlara görä, Mary şäherindäki 10 müň orunlyk Sport toplumy duşuşygy geçirmäge doly taýýar.