Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwany üçin wezipeleri kesgitledi

23:4718.07.2023
0
19489

«Watan» habarlar gepleşiginde mälim edilişi ýaly, şu gün geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdy ösdürmegiň söwda-ykdysady, senagat, önümçilik, dolandyryş, kanunçylyk-hukuk, hyzmat ediş we medeni-durmuş ugurlarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler baradaky maglumatlary hem-de geljek üçin mümkinçilikleri açýan beýleki habarlary, ol maglumatlar esasynda teklipleri, garaýyşlary gysga wagtda işläp taýýarlamalydygyny belläp, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň 24-nji sentýabrda Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk topary bilen bilelikde alyp barmaly işleriniň möhüm ugurlaryny kesgitledi.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň bellemegine görä, şunda, birinjiden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, deputatlar, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde we mejlisiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň hem-de alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden ýaýbaňlandyrmalydyr.

Ikinjiden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça işler guramaçylyk topary bilen bilelikde meýilnama esasynda alnyp barylmalydyr.

Üçünjiden, mejlisiň gün tertibine giriziljek meseleleri we resminamalaryň taslamalaryny guramaçylyk toparynyň ýygnaklarynda deslapdan ara alyp maslahatlaşmagy guramak zerurdyr.

Dördünjiden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk edilmelidir.

Bäşinjiden, raýatlardan gelip gowşan tekliplere we beýleki ýüztutmalara garamak, hasaba almak, olary umumylaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylmalydyr.

Altynjydan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmegiň maksatnamasy taýýarlanylmalydyr.

Ýedinjiden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek bilen bagly zerur maglumatlar taýýarlanylmalydyr.

Sekizinjiden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk işlerini Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde utgaşdyrmak arkaly alyp barmalydyr.

— Dokuzynjydan, hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halk arasynda uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak boýunça hem alyp barýan işlerimizi guramaçylykly ýerine ýetirmelidir — diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi we mynasyp adamlary hödürlemek hem-de bu işleri resmileşdirmek boýunça işleri öz wagtynda talabalaýyk ýerine ýetirmegi tabşyrdy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň