«Ashabat Cup 2015-de» ýeňijiler kesgitlenildi

01:2621.09.2015
0
1292

Geçen dynç günleri köp ugurly “Aşgabat” sport toplumynyň meýdançalarynda tennis boýunça  “Ashgabat-cup” halkara ýaryşy  tamamlandy we sportuň şu görnüşi boýunça 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda  ITF-niň dördünji toparynyň bäsleşikleri badalga aldy diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Tennis boýunça  “Ashgabat-cup”  5-nji halkara ýaryşynyň bäsleşikleri 19-njy sentýabrda geçirilip, olara Russiýadan, Türkiýeden, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Özbegistandan we Gyrgyzystandan türgenleriň 80-den gowragy gatnaşdylar. Ýetginjekleriň arasynda finalda geçirilen bäsleşikde Özbegistandan Azizhon Turgunow we russiýaly Sergeý Pogosýan duşuşdylar. Çekeleşikli bäsleşigiň barşynda ýaş özbek tennisçisi ýeňiş gazandy (6:3, 3:6, 6:2).

Ýene-de bir medaly—kümüş medalyny A. Turgunow jübütleýin toparda gazandy. Bu ýaryşlaryň finalynda ol öz ildeşi Amal Sultanbekow bilen  gazak-özbek jübüt toparyndan  (Pawel Petrow we Şarobiddin Abzalow) 6:2, 6:4 hasabynda ýeňildi.

Gyzlaryň arasynda aýgytlaýjy bäsleşikde russiýaly tennisçiler Mariýa Manilowa we Darýa Solowýewa duşuşdylar. Şonda duşuşyklaryň ikisinde  M.Manilowa 6:2, 6:4 hasabynda ýeňiş gazandy. D. Solowýewa jübütleýin bäsleşiklerde özbek türgeni Sabina Smirnowa bilen bilelikde russiýaly jübütler M. Manilowadan we A. Ýurçenkodan 3:6, 6:4 (10:8) hasabynda üstün çykyp, altyn medal gazandylar.

“Aşgabat” sport toplumynyň meýdançalarynda tennis boýunça halkara bäsleşikleriniň ýene-de biri badalga aldy. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýetginjekleriň 100-e golaýy gatnaşýar. 19-njy we 20-nji sentýabrda saýlama ýaryşlary geçirilip, olar medallar ugrunda bäsleşigi dowam etjek oglanlaryň we gyzlaryň toparlarynda tennisçileriň 32-sini kesgitledi.  Ýeňijiler we medal eýeleri 27-nji sentýabrda kesgitlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň