Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen boksçulary dünýä çempionatyna gatnaşar

01:2121.09.2015
0
1108

Türkmen türgenleriniň üçüsi boks boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Onda 2016-njy ýylda Braziliýada geçiriljek Olimpiada gatnaşmaga ilkinji ýollanmalar ugrunda bäsleşiler diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Boks boýunça dünýä besleşigine gatnaşyjylaryň düzümindäki orunlar ugrunda Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan türgenleriň 300-e golaýy güýç synanyşdylar. Dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin bäsleşikleriň çärýek finalyna çenli ýetmek zerur boldy.

Geljek ýylda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriljek XXXI tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýollanmalar ugrunda sport ussatlary Zarip Jumaýew (agram derejesi 52 kg çenli), Ýakup Meredow (56 kg çenli) we geçen ýyl Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen Aziýa oýunlarynyň  bürünç medalynyň eýesi, halkara derejeli sport ussady Aziz Bebitow (64 kg çenli) güýç synanyşarlar. Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Şöhrat Gurbanowyň we Sabir Kseýhanowyň şägirtleri öz agram derejelerinde Aziýanyň ussat türgenleriniň bäşisiniň hataryna girmegi başardylar.

Boks boýunça dünýä çempionaty 2-16-njy oktýabrda Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçiriler. Dünýäniň esasy ýaryşlaryna ýollanmalar ugrunda çekeleşikli göreş bolar, çünki her bir agram derejesindäki  türgenleriň ökdeleriniň üçüsi “olimpiýaçy” diýen hormatly ada eýe bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň