Soňky habarlar

Arhiw

Batyr Şyhyýew: “Biz iň bolmanda deň oýnarys diýip tama edipdik”

23:2420.09.2015
0
8267

Aziýa çempionatynyň (U-16 )  saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň ýetginjekleri Täjigistandan bolan ýaşytdaşlaryndan 1:5 hasabynda ýeňleninden soň, toparlaryň ikisiniň-de tälimçileriniň duşuşygyň netijelerine teswirleme berendiklerini Täjigistanyň futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

– Birinji ýarymda deň oýun boldy – diýip, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Batyr Şyhyýew aýtdy. – Gynansakda, biz çalt gol geçirtdik. Muňa garamazdan, birinji ýarymda biziň üç-dört gezek tapawutlanmaga mümkinçiligimiz boldy, şonda biz duşuşygy öz peýdamyza tamamlap bilýärdik. Emma bu pursatlardan ýerlikli peýdalanylmady. Ikinji ýarymda bolsa biziň oýunçylarymyzyň goragdaky ýalňyşlyklary we toparyň kapitanynyň meýdandan çykarylmagy şeýle uly hasaply mýeňlişe getirdi.

Garşydaşyň oýny barada näme aýtmak bolar?

Şu ýyl biz Täjigistanyň ýetginjekler ýygyndysy bilen ikinji gezek oýnadyk. Birinji duşuşyk gyşda, has anygy, Ýaponiýada geçen halkara ýaryşynda bolupdy. Şonda biz 0:3 hasabynda ýeňlipdik. Men Täjigistanyň toparynyň tijenendigini aýdyp bilerin. Olar has çalasyn we taktiki taýdan örän dürs oýnaýarlar. Umuman, oňat topar, maňa olar ýarady. Oýunçylar—birek-birege ýarym sözde düşünýärler, megerem, bilelikde birnäçe okuw-türgenleşik geçiren bolmaly.

Siz öz toparyňyz şeýle uly hasap bilen ýeňler öýdüpmidiňiz?

Ýok, biz iň bolmanda deň oýnarys diýip tama edipdik.

Täjigistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň baş tälimçisi Zaýnidin Rahimow:

Men netijeden razy, ýöne uly hasaba garamazdan, oýundan o diýen kanagatlanamok. Biziň bil baglan oýunçylarymyz edil isleýşimiz ýaly oýun görkezip bilmediler. Biziň toparymyzyň oýny häzirlikçe diňe käbir pursatlarda başa barýar. Uly hasap şu gün biziň garşydaşdan aňsatlyk bilen üstün çykandygymyzy aňlatmaýar. Türkmenler hem garşylyk görkezdiler, birinji ýarymda birnäçe pursatlarda olar bizi aladalanmaga mejbur etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň