Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera orkestri Germaniýanyň Baýrýoýt şäherinde geçirilen “Ýaş zehinler” festiwalyna gatnaşdy

10:3220.09.2015
0
3518

Dirižýor Rasul Gylyjowyň dolandyrmagyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera orkestri Germaniýanyň Baýrýoýt şäherinde geçirilen “Ýaş zehinler” festiwalyna üçünji gezek gatnaşdy. Ol şu ýyl orkestr sazlaryna bagyşlandy.

Festiwalda türkmen döredijilik topary ekletik programma bilen çykyş etdi, onda Ýewropanyň nusgawy we türkmen milli sazlary utgaşykly sazlaşdy. Kerwen Aýdogdyýewiň ýekelikde dutarda çalan sazlary bolsa orkestriň ýerine ýetiren eserleriniň üstüni ýetirdi. Dutaryň goşa taryny sazlaşykly owazy astynda A.Agajykowyň geçirmegindäki “Durdy bagşy” we W. Ahmedowyň täzeden işlän “Balsaýat” halk sazlary ýaňlandy. Gözel Annahanowanyň wokaly hem tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ol türkmen kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdi.

Dutarçy Kerwen Aýdogdyýew bilen aýdymçy Gözel Annahanowanyň çykyşlaryna olaryň geýen milli egin-eşikleri we şaý-sepler özboluşly öwüşgin çaýdy. Sahnanyň aňyrsynda tomaşaçylar ýörite gelip, kümüş şaý-sepleriň, keteni matasynyň aýratynlyklary bilen içgin gyzyklandylar.

Festiwalda türkmenistanlylar birbada londonly dirižýorlaryň birleşdirilen iki orkestrinde: Klara Tompsonyň dolandyrmagyndaky kamera orkestrinde we Piter Starkyň ýaşlar simfoniki orkestrinde çykyş etmäge çagyryldylar. munuň özi Hytaýdan, Maltadan, Portugaliýadan, Ispaniýadan bolan sazandalar bilen bilelikde çykyş eden türkmen ýerine ýetirijilik mekdebiniň ýokary hünär derejesiniň ykrar edilmesi boldy.

Baýrýoýtdan başga-da, türkmen orkestri nemes şäherleriniň ýene ikisinde çykyş etdi. Ýaşlar döredijilik kollektiwleriniň konsertleri elmydama zal doly tomaşaçy ýygnanýar. Şeýlelik bilen, onuň sazandalary ýurdumyzda we onuň daşynda öz sungatlarynyň muşdaklarynyň sanyny barha artdyrýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň