Türkmenistanda balyklary ösdürip ýetişdirmek boýunça toplumlaýyn çäreler göz öňünde tutulýar

09:5520.09.2015
0
9164

Türkmenistanda okgunly ösýän pudaklaryň biri bolan balyk hojalygyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Şonuň bilen baglylykda balyk senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär.

“Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar döwür üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde  balyklary ösdürip ýetişdirmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň göz öňünde tutulýar.

“Ahalbalyk”  döwlet kärhanasy tarapyndan umumy meýdany 1100 gektara barabar bolan emeli suw howdanlarynda 800 tonna balygy ösdürip ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. Ähli balyk hojalyklarynyň proteinli balyk iýmleri hem-de zerur bolan mineral dökünler bilen üpjün edilip, ýaş balyklara talabalaýyk ideg edilýär.

Balyklary emeli usulda öndürmegiň möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen, balyk köpeldiji sehlerde balyklaryň işbilinden liçinkalary almak boýunça zerur işler geçirildi. Mundan başga-da, 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda “Balkanbalyk”  döwlet kärhanasynyň ygtyýaryna gelip gowşan täze balyk tutujy gämileriň  işledilmegi netijesinde şu ýylyň geçen döwründe Hazar deňzinden jemi 393 tonna balyk tutuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň