Yssyk-Kölüň kenaryndaky Korumdu şäherinde (Gyrgyzystan) ýetginjekleriň we çagalaryň arasynda küşt boýunça Günbatar Aziýanyň çempionaty tamamlandy. Ýaryş 6, 8, 10, 12, 14, 16 we 18 ýaşly türgenleriň arasynda geçirildi.
Günbatar Aziýanyň çempionatynda türkmenistanly Begli Annagylyjow bürünç medala mynasyp bolmagy başardy. Has takygy, ol 7 utuk bilen 6-a ýaşa çenli çagalaryň arasynda nusgawy küşt boýunça üçünji orny eýeledi.
6 ýaşa çenli çagalaryň arasyndaky nusgawy küşt boýunça bäsleşiklerde gazagystanly Madi Majitow 8 utuk bilen altyn medala mynasyp boldy. Ikinji orna hem ýene bir gazagystanly türgen Sanjar Rahymtaý (7,5) eýe çykdy.
Ýeri gelende bellesek, Halkara küşt federasiýasynyň guramagynda geçirilen ýetginjekleriň we çagalaryň arasynda küşt boýunça Günbatar Aziýanyň çempionatyna Bangladeş, Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Oman, Şri-Lanka, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly döwletlerden türgenleriň 280-den gowragy gatnaşdy.