Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurduň kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda geçirilýän işler barada maglumat berdi. Şunda milli parlamentiň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde täze kanunlaryň taslamalarynyň taýýarlanylýandygy barada hem aýdyldy.
Döwlet Baştutany ýurduň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň, amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra mejlisiň barşynda wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, öňde boljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutany mejlisde ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly käbir resminamalara hem gol çekdi.