Soňky habarlar

Arhiw

Ýaş žurnalistleriň okuw maslahaty

01:0418.09.2015
0
5769

17-18-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanyň ýaş žurnalistlerine ylmy wagyz etmegi öwretmek” ady bilen iki günlük okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatyny BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Tähran şäherindäki edarasy geçirýär. Bu okuw maslahatynyň maksady ýaş žurnalistlerde ylmy temalarda material ýazmagyň soňky gazanylan tärlerini özleşdirilmegini gazanmak.

Okuw maslahatyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Halkara gatnaşyklary institutynyň žurnalistika hünäriniň mugallymlary hem-de şol hünärde bilim alýan talyp ýaşlar, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle maslahatlaryň yzygiderli geçirilip durulmagy ýurdumyzda habar beriş serişdeleriniň işiniň döwrebaplaşdyrylýandygynyň ýene-de bir gezek aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň