Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazdan benzin öndürjek täze zawodyň gurluşygy bilen tanyşdy

03:0317.09.2015
0
3434

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň çäginde tebigy gazdan benzin öndürmäge niýetlenen täze zawodyň gurluşygy bilen tanyşdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow milli Liderimize täze zawodyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, onda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalaryň artykmaçlyklary barada hasabat berdi. Bu toplumyň gurluşygynda ýerli tebigy-howa şertlerini nazara almak bilen, şorlaşma we posa garşy durnukly gurluşyk serişdeleri ulanylýar. Şeýle hem bu ýerde halkara ölçeglerine doly kybap gelýän ýertitremä durnukly tehnologiýalar netijeli peýdalanylýar.

Bu ýerde bina edilýän senagat toplumynyň gurluşygyny “Türkmengaz” döwlet konserni hem-de Ýaponiýanyň “Kawasaki” we Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýalary bilelikde alyp barýar. Daniýanyň dünýä belli “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň iň täze tehnologiýalary bilen enjamlaşdyryljak bu zawod her ýylda 1 milliard 782 million kub metr tebigy gazy gaýtadan işlär hem-de  Euro-5 standarty boýunça iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny öndürer.

Bu senagat desgasy dünýäde şeýle ugurly ilkinji gazhimiýa toplumy bolmak bilen, tebigy gazy gaýtadan işleýän  arkaly ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa benzin öndürer. Zawody 2018-nji ýylda ulanmaga bermek meýilleşdirildi. Şonda täze iş orunlarynyň 800-e golaýy dörär.

Döwlet Baştutanymyz zawodyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanşyp,  gurluşyk serişdeleriniň täze görnüşleri we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz şolaryň  senagat we dürli maksatly beýleki desgalaryň gurluşygynda işjeň ulanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu işe telekeçileriň işjeň çekilmelidigini aýtdy. Wise-premýer häzirki döwürde ulanylýan täze gurluşyk serişdelerini ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürmäge girişendiklerini habar berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ýerde goýlan ýangyna garşy göreş serişdeleriniň, enjamlaryň aýratynlyklary, netijeli ulanylyşy bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz  gurulýan we hereket edýän ähli desgalarda bolşy ýaly, bu ýerde gurulýan zawodyň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, olaryň ýangyna garşy göreş serişdeleri bilen doly enjamlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz tebigy gazdan suwuk ýangyç  öndürýän täze zawodyň gurluşygyny makullap, onuň ýerleşjek ýerini tassyklap berdi. Şeýle önümçilikler ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň, aýratyn-da, gazhimiýa pudagynyň köpugurly esasda ösdürilmegini, tebigy gazy gaýtadan işlemekden alynýan ýokary hilli önümleriň mukdaryny, dünýä bazarlaryna  eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça   wezipeleriň oňyn çözülmegini şertlendirer. Gurulmagy meýilleşdirilýän täze zawodda her ýylda 3,5 milliard kub metr “mawy ýangyç” gaýtadan işleniler. 

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegi arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň