Gullukdan boşatmak we nobatdaky çagyrylyş hakynda Permana gol çekildi

17:3716.09.2015
0
3729

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2015-nji ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak, şeýle hem çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, çagyryşdan gaýra goýmaga hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryşdan gaýra goýmaga hukugyny ýitiren uly ýaşly raýatlary 2015-nji ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda harby gulluga çagyrmak bellenilýär.

Resminama Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň “Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky” Kanunyna laýyklykda gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň