Aşgabatda “Türkmentel-2015” halkara sergi we ylmy maslahat açyldy

16:3216.09.2015
0
3044

Aşgabatda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlaryň we teleýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2015” IX halkara sergisiniň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy.

Dabara gatnaşýanlaryň hatarynda aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary bazarynda dünýäde öňdebaryjylar bolan “THALES AleniýaSpace” “Nokia”, “Rohte&Schwarz”, “HUAWEI Technolgoiýes”, “SonyElektronik”, “Eastwind”, “MTS Telekom”, “Gazprom Kosmiçeskiýe sistemy”, “Coriant”, “Kingston Technology”, “Softline Trade”, “Panasonic” ýaly kompaniýalar we beýlekiler bar. 

Sergide ýurdumyzyň aragatnaşyk bölümleriniň, şeýle hem olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň bölümleri ýaýbaňlandyryldy. Olar aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynda geljegi uly möhüm döwlet maksatnamalaryny we taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýärler. Şeýle hem bu ýerde daşary ýurt kompaniýalary we firmalary bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýan türkmen telekeçileriniň önümi görkezilýär.

Günüň ikinji ýarymynda sergi köşgüniň maslahatlar zalynda pudagyň ösüşiniň möhüm meselelerine we gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna bagyşlanan ylmy maslahat öz işine başlady. Oňa milli döwlet aragatnaşyk düzüminiň hünärmenleri, bilermenleri, daşary ýurtlaryň belli alym-işläp taýýarlaýjylary, programmaçylary, işewür düzümleriň wekilleri gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň