Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde halkara ylmy maslahat geçirildi

22:0930.06.2023
0
37955

Şu gün Arkadag şäherinde «Arkadag şäheri – sanly we «akylly» tehnologiýalaryň mekany» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň dabaraly açylmagy mynasybetli geçirilen möhüm çäreleriň birine öwrülen bu iri forumy Arkadag şäheriniň häkimligi, Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy guradylar.

Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata Hökümet agzalary, Ylymlar akademiýasynyň we onuň düzümine girýän institutlaryň wekilleri, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlar gatnaşdylar.

Halkara ylmy maslahata gatnaşan daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Russiýanyň, Belarusyň, Özbegistanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy institutlarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem halkara guramalaryň wekilleri, hususan-da, BMG-niň Türkmenistanda işleýän edaralarynyň we agentlikleriniň ýolbaşçylary bar.

Maslahatyň işiniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar sanly tehnologiýalaryň we innowasion taslamalaryň sergisi bilen tanyşdylar.

Foruma gatnaşyjylar üçin täze şäher boýunça ýörite tanyşlyk gezelenji guraldy. Olar adamlaryň ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleriň döredilmeginiň bu ýerde kemala gelýän şäher gurşawynyň tapawutly aýratynlygydygyna göz ýetirdiler. Şäherde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän innowasion sanly tehnologiýalar adamlaryň hyzmatynda goýuldy.

Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň açylmagynyň Türkmenistanyň ykdysady we ylmy-tehnologik taýdan okgunly ösüşiniň aýdyň güwäsi hökmünde ýurduň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny bellediler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan durmuşyň ähli ulgamlaryna ýokary tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga aýratyn üns berýär.

Myhmanlar ösüşiň we rowaçlygyň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine haýran galýandyklaryny aýtdylar. Olaryň belleýşi ýaly, Türkmenistan innowasiýalara, çylşyrymly tehnologik çözgütlere we öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalara esaslanýan giň gerimli taslamalary amala aşyryp bilýändigini tutuş dünýä görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň